- bezelmek
- işlik1) Bezeg şaýlary bilen timarlanmak, bezeg zatlary arkaly gelşik berilmek.∙ Ýagty çyralar haly bilen bezelen tamy gündizlige aýlandyrýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Parahat ýaşamak üçin amatly, oňat bezelen öýjagazda ümsümlik höküm sürýän ýaly bolup görünýär.∙ Biz gözel bezelen göm-gökje ýolka agajyny gördük.2) Owadan görnüşe girmek.∙ Köçäniň iki ýanyndaky suw akýan ýapjagyzlaryň gyralary ýaşyl-gök otlar bilen bezelipdir. (B. Kerbabaýew. Aýgytly ädim)3) Nagyş salynmak, keşdelenmek.∙ Tamyň içi başdan-aýak dürli nagyş bilen bezelen. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ petir bezelen ýaly bolmak — seret petir∙ Üljeler bişen wagtynda, bu ak heýkeller bilen haçlar edil gan ýaly çim-gyzyl nokatlar bilen petir bezelen ýaly bezelýärdiler. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.